“Bereketli” kompaniýasy täze “Han” we “Çag” görnüşli şöhlatlary öndürip başlar

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Bereketli” kompaniýasy täze “Han” we “Çag” görnüşli şöhlatlary öndürip başlar
“Bereketli” hojalyk jemgyýeti TSTB-niň döredilmeginiň 14 ýyllygy mynasybetli geçirilen sergide, 2022-nji ýylyň 12-nji apreli, Aşgabat

“Bereketli” hojalyk jemgyýeti Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramçylygynyň öň ýanynda guş etinden ýörite taýýarlanylan şöhlatlaryň “Han” we “Çag” görnüşlerini öndürip başlamagy meýilleşdirýär. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty sişenbe güni habar berdi.

“Bereketli” hojalyk jemgyýeti 1992-nji ýylda esaslandyrylyp, häzirki wagtda ol çaýlaryň 25-e golaý görnüşini, şöhlat önümleriniň 60-dan gowrak görnüşini alyjylara hödürleýär.

Kompaniýanyň kuwwatly önümçilik binasy 2010-njy ýylda işe girizildi we onuň önümçilik sehiniň ýyllyk kuwwatlylygy 1800 tonna şöhlat öndürmäge mümkinçilik berýär.

“Şöhlatlarymyzyň “Bereketli”, “Ýakymly”, “Buýsanç”, “Gökdepe”, “Umyt”, “Enar”, “Arzyly”, “Çaý teýi”, “Gündelik”, “Laçyn”, “Käkilik”, “Horaz”, “Perganat” we “Ertirlik” ýaly görnüşlerini alyjylar uly höwes bilen satyn alýarlar” diýip, hojalyk jemgyýetiniň baş direktorynyň orunbasary Gülşat Muhammedowa aýdýar.

Häzirki wagtda diňe Aşgabat şäherinde “Bereketli” hojalyk jemgyýetiniň 15 sany dükany halka hyzmat edýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022