Ýanwar-awgust: Balkanly himiýaçylar 511 tonna golaý tehniki ýod öndürdiler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ýanwar-awgust: Balkanly himiýaçylar 511 tonna golaý tehniki ýod öndürdiler
Tehniki ýod önümçiliginden bir pursat

Türkmenistanyň himiýa senagatyna degişli kärhanalarda şu ýylyň sekiz aýynda Balkan welaýaty boýunça 511 tonna golaý tehniki ýod öndürildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi.

Şeýle hem bu döwürde balkanly himiýaçylar tarapyndan 543 tonna golaý tehniki uglerod, 766 tonnadan gowrak natriý sulfaty öndürildi.

Balkan welaýaty boýunça 2023-nji ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda döwlet eýeçiligindäki we şahsy ulgamdaky kärhanalarda jemi öndürilen senagat önümleriniň pul hasabyndaky möçberi 13 milliard 609 million manatdan geçdi we geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 6,7 göterim artdy. Gazanylan netijäniň deň ýaryna golaýy hususyýetçileriň paýyna düşýär diýlip, habarda bellenilýär.

Türkmenistanyň günbatar welaýatyndaky “Awaza” we “Balkanabat” döwlet elektrik stansiýalarynda hem-de Türkmenbaşydaky ýylylyk elektrik merkezinde şu ýylyň sekiz aýynda öndürilen toguň umumy möçberi 3 milliard 155 million kilowat sagada barabar boldy.

Geçen hasabat döwründe Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň iri önümçilik düzümleriniň biri bolan “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanalary tarapyndan hereket edýän guýulardan gaz kondensatyny-da goşmak bilen, 2 million 366 müň tonnadan gowrak nebit we 3 milliard 10 million kub metre golaý tebigy gaz çykaryldy.

Toplumda suwuklandyrylan gazy taýýarlamagyň sekiz aýlyk meýilnamasy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 58 göterim ýokarlandy. 

2022