ABŞ-nyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Prezidentleri Nýu-Ýorkda duşuşyk geçirdiler

BIZNES TÜRKMENISTAN
ABŞ-nyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Prezidentleri Nýu-Ýorkda duşuşyk geçirdiler
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň we Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň Döwlet Baştutanlarynyň arasynda geçirilen duşuşyk, 19-njy sentýabr, Nýu-Ýork, ABŞ (Surat: Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat gullugy)

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň (ABŞ) we Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň Döwlet Baştutanlary sişenbe güni Nýu-Ýork şäherinde “C5+1” formatynda ilkinji taryhy duşuşyk geçirdiler. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Asssambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň çäginde geçirilen duşuşyga Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Jo Baýden, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon, we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gatnaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda ykdysady we energetika hyzmatdaşlygyny giňeltmek, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, howanyň üýtgemegi, sebit howpsuzlygy, şeýle hem dolandyrmagy gowulandyrmak we kanunyň ileri tutulýandygyny üpjün etmek maksady bilen, dowam edýän özgertmeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Sammitden soň eden çykyşynda Prezident Jo Baýden ABŞ we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň “C5+1” formatyndaky diplomatik gepleşikleriniň üstüni ýetirmek we ösüş maksatlary bilen ýurtlaryň hususy pudaklarynyň arasyndaky baglanşygy has-da gowlandyrmak üçin täze işewürlik platformasyny döredýändiklerini mälim etdi. Bu barada Ak Tamyň metbugat gullugy habar berdi.

"Şu günki netijeli söhbetdeşlik üçin ähliňize sag bolsun aýdasym gelýär. Geljekde hem has köp iş alyp barmak üçin hemmäňiz bilen işleşmäge sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn" diýip, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Jo Baýden Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Prezidentlerine aýtdy.

“C5+1” formaty 2015-nji ýylda esaslandyrylyp, Merkezi Aziýanyň bäş ýurdy bilen ABŞ-nyň arasyndaky gatnaşyklary berkitmek üçin köptaraplaýyn mehanizm hökmünde hereket edýär. Bu maksatnama ykdysady ösüş, sebitleýin hyzmatdaşlyk we howpsuzlyk meselelerini üns merkezinde saklaýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022