Gurluşygy dowam edýän Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoly Özbegistan bilen ulag aragatnaşygyny ösdürmäge uly mümkinçilikleri açar. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýewiň duşenbe güni “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetinde çap edilen makalasynda habar berildi.
Mälim bolşy ýaly, 600 kilometrlik awtomobil ýolunyň gurulmagy ýurduň ýol-ulag düzüminiň geçirijilik mümkinçiliklerini gowulandyrmaga uly mümkinçilikleri döredýär. Ol logistika hyzmatlarynyň ýerine ýetirilişini çaltlandyrar we hilini ýokarlandyrar, şeýle hem Türkmenistanyň çäklerinden geçirilýän ýükleriň möçberlerini artdyrmak we ýük geçirilişini tizleşdirmek üçin amatly şertleri döreder.
Türkmenistanyň gündogar sebitini ýurduň merkezi bilen baglanyşdyrýan ýokary tizlikli ýol we Aşgabat – Türkmenbaşy awtomobil ýoly ýük awtoulaglaryna Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portuna, onuň üsti bilen bolsa, deňiz ýollary arkaly Kawkaz, Ýewropa ýurtlaryna, Russiýanyň günorta sebitine, Eýranyň demirgazygyna, Aýlag ýurtlaryna we Omana çykmaga mümkinçilik döreder.
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory makalasynda şeýle hem, Türkmenistanyň Eýrana we Gazagystana uzaýan iki sany täze optiki süýümli aragatnaşyk düzümini gurmagy meýilleşdirýändigini belledi.