Türkmenistan Germaniýanyň senagat we logistika kompaniýalaryny hyzmatdaşlyga çagyrdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan Germaniýanyň senagat we logistika kompaniýalaryny hyzmatdaşlyga çagyrdy
Türkmen-german işewürlik forumy, 2023-nji ýylyň 29-njy sentýabry, Berlin

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni Berlinde geçirilen türkmen-german işewürlik forumyndaky çykyşynda Germaniýanyň senagat we logistika kompaniýalaryny hyzmatdaşlyga çagyrdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Şol sanda, himiýa senagatynda “Tejenkarbamid” zawodynda abatlaýyş-dikeldiş hem-de bölekleýin döwrebaplaşdyrmak işlerini geçirmek boýunça taslama gatnaşmak mümkinçiligini öwrenmek teklip edildi. Bu babatda mümkinçiligi uly hyzmatdaşlaryň hatarynda “ThyssenKrupp” kompaniýasy görkezilýär.

Forumyň barşynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy german hyzmatdaşlary bilen Garlyk kaliý dag-magdan toplumyny taslama kuwwatlyklaryna çykarmak we ösdürmek boýunça täze toplumlaýyn taslamany durmuşa geçirmegiň mümkinçiligi baradaky gepleşikleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi. Bu ugurda “Erсosplan”, “Ka-Utek”, “Sсhaсhtbau” german kompaniýalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk alnyp barylýar.

Şeýle hem “Deutsche Bahn Holding” kompaniýasy bilen demir ýol pudagynda, şeýle hem üstaşyr ulag ulgamynda bar bolan kuwwaty we logistikanyň mümkinçiliklerini netijeli ulanmagyň hasabyna awtoulag, deňiz gatnawlary ulgamynda hyzmatdaşlyga gyzyklanma beýan edildi.

Mundan başga-da, forumyň dowamynda raýat awiasiýasy ulgamynda, hususan-da, iki ýurduň arasynda howa gatnawlaryny ösdürmek babatda, Türkmenistanyň howa menzillerini bilelikde dolandyrmak mümkinçiliklerini artdyrmakda, şol sanda bu taslamalary durmuşa geçirmek üçin degişli hukuk binýadyny taýýarlamakda hyzmatdaşlyk meselelerine aýratyn üns berildi.

Türkmenistana maýa goýumlary çekmek we ykdysadyýeti ösdürmek boýunça konsalting ulgamynda hyzmatdaşlyk tejribesini hasaba alyp, gyzyklanma bildirýän kompaniýalar, şol sanda “Goetz & Partners” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny döretmek boýunça işleri dowam etdirmek teklip edilýär.

Forumyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri german kompaniýalarynyň türkmen bazaryna ilkinjileriň hatarynda gelendigini, indi ençeme ýyllardan bäri dürli ulgamlarda üstünlikli işleýändiklerini nygtady. Häzirki güne çenli Türkmenistanda german maýasynyň gatnaşmagynda umumy möçberi 1,6 milliard ABŞ dollaryna golaý bolan maýa goýum taslamalarynyň we şertnamalarynyň 196-synyň bellige alnandygy muňa aýdyň mysaldyr. Germaniýanyň işewür toparlarynyň wekilleri, şol sanda “Siemens”, “Daimler”, “СLAAS”, “Rohde & Schwarz”, “Dresser-Rand” we beýleki kompaniýalar uzak möhletli bilelikdäki taslamalary amala aşyrmaga saldamly goşant goşýarlar.

Gurbanguly Berdimuhamedow Berlinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň wekiliýet Baştutanlarynyň we German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň duşuşygyndaky çykyşynda Türkmenistanyň Hazar üsti gaz geçirijisini gurmak arkaly Ýewropa ýurtlaryna gaz ibermek boýunça eýeleýän üýtgewsiz garaýşyny tassyklamak bilen, germaniýaly işewürlere elektrik we gaýtadan dikeldilýän energiýa pudaklarynda bilelikde işlemek mümkinçiligine garamagy teklip etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Berlin şäherine amala aşyran iş saparynyň barşynda anna güni "Merkezi Aziýa – Germaniýa" görnüşindäki döwlet Baştutanlarynyň duşuşygyna gatnaşdy we Germaniýanyň Kansleri Olaf Şols bilen duşuşdy.

2022