Türkmenistanyň energiýa pudagy Abu-Dabi şäherindäki ADIPEC-2023 sergisine gatnaşýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň energiýa pudagy Abu-Dabi şäherindäki ADIPEC-2023 sergisine gatnaşýar
Türkmenistanyň energiýa pudagynyň ADIPEC-2023 sergisindäki pawilýony, 2-5-nji oktýabr, Abu-Dabi, BAE (Surat: “Turkmen Forum”)

Türkmenistanyň energiýa pudagy şu ýylyň 2-5-nji oktýabr aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherinde geçirilýän ADIPEC-2023 sergisine işjeň gatnaşýar.

“Türkmengaz”, “Türkmennebit” döwlet konsernleri we “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy sergide öz pawilýonlaryny görkezýärler. Bu barada “Turkmen Forum” hojalyk jemgyýeti habar berýär.

“Sinopec”, “Rime”, CGG, EGS, “Xiat”, “ICA-Finance” we “S&P Global” ýaly iri halkara kompaniýalar Türkmenistanyň energiýa pudagyna gyzyklanma bildirdiler, şeýle hem iş we maýa goýum tekliplerini hödürlediler.

ADIPEC tejribe alyşmaga we energiýa pudagyny dekarbonizasiýa etmek üçin çözgütleri işläp düzmäge niýetlenilen platforma bolup durýar.

Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň energiýa pudagy Aşgabatda geçiriljek “Türkmenistanyň nebiti we gazy-2023” (OGT-2023) atly halkara maslahatda we sergide teklipler we potensial taslamalar boýunça pikir alyşmagy dowam etdirer. Şeýle hem 65 sany ADIPEC-2023 sergisine gatnaşyjy kompaniýalar OGT-2023 sergisine gatnaşmaga gyzyklanma bildirdiler.

Türkmenistanda ýyllda geçirilýän esasy energiýa çäresine gatnaşmak üçin hasaba alyş 2023-nji ýylyň 16-njy oktýabryna çenli dowam edýär. Hasaba ýazylmak üçin çäräniň www.ogt-turkmenistan.com web sahypasyna geçip bilersiňiz.

2022