Hytaý-Gazagystan-Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Türkiýe-Ýewropa ugruny döretmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Hytaý-Gazagystan-Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Türkiýe-Ýewropa ugruny döretmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy
Gazagystanyň "Taurasy" demir ýol menziliniň deňinden geçip barýan Gazagystan demirýollarynyň yük otlusy (Surat: Gazagystan demirýollary)

Türkmenistan Gazagystanyň, Özbegistanyň, Eýranyň we Türkiýäniň ulag ministrlikleriniň we demirýol pudagynyň wekilleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly geçirilen konferensiýa gatnaşdy. Duşuşygyň dowamynda “Hytaý – Gazagystan – Özbegistan – Türkmenistan – Eýran – Türkiýe – Ýewropa” halkara ulag geçelgesini döretmek baradaky Ylalaşyga gol çekmekligi tizleşdirmek bilen baglanyşykly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Özbegistanyň Ulag ministrliginiň çarşenbe güni habar berdi.

Özbegistanyň Ulag ministrliginiň başlangyjy bilen guralan duşuşygyň barşynda ýurtlaryň arasynda halkara ulag we üstaşyr ugurlary ösdürmek bilen baglanyşykly meselelere hem garaldy.

Duşuşyga gatnaşyjylar halkara ulag geçelgesiniň ösdürilmeginiň ähli taraplar üçin peýdaly boljakdygyny we täze mümkinçilikleriň açyljakdygyny bellediler.

Habarda bellenilişi ýaly, bu hyzmatdaşlygyň maksady sebitdäki söwdany ösdürmek, halkara ýük daşamagyň mukdaryny artdyrmak, üstaşyr gatnaw we olardan gelýän girdejini ýokarlandyrmak bolup durýar. Şeýle hem hyzmatdaşlygyň ara alnyp maslahatlaşylan ugurlarynyň çäginde taraplar geljek üçin wezipeleri kesgitlediler.

Geçen ýyl uzynlygy 4500 kilometrden gowrak bolan Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Türkiýe demirýol ugry işe girizildi. Bu geçelge Özbegistan bilen Türkiýäniň arasynda eksport-import amallary üçin iň gysga we amatly ugra öwrüldi.

2022