“Mahabat hakynda” Türkmenistanyň kanunynyň 8-nji maddasynda laýyklykda kämillik ýaşyna ýetmedikler üçin niýetlenen ýa-da olara täsir etmäge ukyply bolan mahabat olara ahlak ýa-da psihiki şikes getirip biljek, olaryň hukuklaryny we bähbitlerini wehim astyna goýup biljek beýannamalary ýa-da şekilleri özünde saklamaly däldir.
Mahabat gadagandyr, haçanda onda:
- Kämillik ýaşyna ýetmedikleriň tebigy ynanjaňlygy we tejribesizligi ulanylsa;
- olara ahlak ýa-da fiziki taýdan zyýan ýetirip biljek ýa-da doly bahaly bolmadyk duýgyny oýaryp biljek ýazgy, synlaýyş ýa-da ses maglumaty ýerleşdirilse;
- kämillik ýaşyna ýetmedikler tarapyndan ata-eneleriň (olaryň ornuny tutýan adamlaryň) we mugallymlaryň abraýyna, olara bolan ynama zyýan ýetirilse;
- kämillik ýaşyna ýetmedikleri mahabatlandyrylýan harytlary edinmäge ýa-da mahabatlandyrylýan hyzmatlardan peýdalanmaga ata-eneleri ýa-da beýleki adamlary ynandyrmagy oýarsa;
- kämillik ýaşyna ýetmedikler tarapyndan degişli harytlara eýelik etmek we degişli hyzmatlary peýdalanmak, olara beýleki kämillik ýaşyna ýetmedikleriň öňünde haýsydyr bir fiziki, durmuş ýa-da psihologik artykmaçlygy berýär we olaryň bolmazlygy gapma-garşy netijäni oýarýar diýip ynandyrylsa;
- mahabatlandyrylýan haryt ýa-da hyzmat islendik maşgala býujeti üçin elýeter diýlip göni ýa-da gytaklaýyn görkezme döretmek ýoly bilen, kämillik ýaşyna ýetmedikler üçin mahabatlandyrylýan harydyň ýa-da hyzmatlaryň gymmaty hakynda kämillik ýaşyna ýetmediklerde ýoýlan düşünje döredilse;
- mahabatlandyrylýan haryda eýelik etmeýän ýa-da özleriniň daşky sypaty bilen özüni aldyryp bilmeýändikleri bilen baglanyşykly kämillik ýaşyna ýetmediklerde kemterlik duýgusy emele gelýän bolsa;
- harytdan ýa-da hyzmatdan peýdalanmak üçin kämillik ýaşyna ýetmediklere zerur bolan endikleriň derejesi azaldylsa, şeýle hem bu harydyň ýa-da hyzmatyň niýetlenen kämillik ýaşyna ýetmedikleriň ýaş topary hakynda nädogry düşünje döredilse;
- gödek fiziki güýjüň, tarhanlygyň, zorlugyň we zyna azgynlygynyň ynançlary wagyz edilse;
- olaryň ýaşaýşyna we (ýa-da) saglygyna howp döredýän, şol sanda öz saglygyna zyýan ýetirip biljek hereketleri amala aşyrmagy oýarýan ýagdaýlary goşmak bilen, kämillik ýaşyna ýetmedikleriň howply ýagdaýda bolmaklaryny görkezmek ulanylsa;
- hakyky ýa-da oýnawaç ýaragyň şekili ulanylsa.
Çeşme: “Mahabat hakynda” Türkmenistanyň kanuny