Sanly eýýam: Maglumat mukdarynyň artmagy we durnuklylyk ugrundaky tagallalar

Nurmyrat Mommaýew
Sanly eýýam: Maglumat mukdarynyň artmagy we durnuklylyk ugrundaky tagallalar
“LightEdge Solutions” kompaniýasynyň maglumat merkezinde hünärmeniň işleýän pursady (Surat: datacenterknowledge.com)

Sanlylaşmak eýýamynda dünýäniň ähli ýerinde öndürilýän we ulanylýan elektron maglumatlaryň göwrümi örän çalt depginde ösýär. “Financial Times” neşiriniň maglumatlaryna laýyklykda, elektron maglumatlaryň göwrümi 2022-nji ýylda 100 terabaýta ýeten bolsa, 2025-nji ýyla çenli, ol ýene iki esse artar. Sanly maglumatlaryň işlenilmeginiň ýokary tizlikde ösmegi programmalary işläp taýýarlaýjylar üçin üns berilmeli esasy meselä öwrülýär.

Programmalary işläp taýýarlaýjylar maglumatlaryň akymy bilen bagly meseleleri çözmek we örän çalt depginde ösýän pudagyň zerurlyklaryny kanagatlandyrmak üçin mümkin bolan ähli işleri ýerine ýetirýärler. Olar maglumatlary işlemek boýunça bar bolan merkezleriň kuwwatlyklaryny giňeltmek we täzelerini döretmek boýunça strategiýalary ulanýarlar. Aňsat bolmadyk bu işde, olar ýerli meýilnamalaşdyryş çäklendirmeleri, elektroenergiýa sarp edilişiniň artmagy ýaly meseleler bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar.

Şeýle hem maglumatlary gaýtadan işleýän merkezlerde elektrik energiýasynyň uly möçberde sarp edilmegi ekologiýa durnuklulygy babatdaky wezipeleri kynlaşdyrýar. Häzirki döwürde iri tehnologiýa kompaniýalary bu meseläni innowasion strategiýalaryň kömegi bilen çözýärler. Mysal üçin bu ugurda “Google”, “Amazon” ýaly iri kompaniýalar maglumatlaryň gaýtadan işlenilýän merkezleriň ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmekde täze ýollary gözleýärler. Olar energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak pudagynda öňdebaryjy orunlary eýeleýärler we energiýanyň gaýtadan işlenilýän çeşmeleri pudagyna maýa goýýarlar.

Sanly eýýamda uly göwrümdäki maglumatlaryň işlenilmegi diňe bir tehnologiýa dünýäsiniň däl-de, eýsem daşky gurşaw babatda hem esasy meseleleriň birine öwrüldi. Iri tehnologiýa kompaniýalary durnukly ösüş ugrunda jogapkärli seredýän geljekki ösüş strategiýasyny ösdürmäge üns berýärler. Bu öz gezeginde, olaryň geljekki üstünliklerini kesgitlemäge ýardam berer.

Maglumatlaryň mukdarynyň tiz ýokarlanmagynyň durnuklylyga täsiri diňe energiýa sarp edilişi bilen çäklenmeýär. Maglumat merkezlerini işletmek üçin zerur bolan serişdeleri we enjamlary öndürmek, galyndylary utilizirlemek we suwdan peýdalanmak ýaly ýagdaýlar daşky gurşawa täsir edýär. Şonuň üçin tehnologiýa kompaniýalary diňe bir energiýa tygşytlylygy we gaýtadan dikeldilýän energiýany ulanmak boýunça däl, eýsem daşky gurşawa ýetirýän täsiri azaltmak we çeşmeleri tygşytly peýdalanmak boýunça çäreleri görmelidirler. Maglumat merkezleriniň dizaýnynda we işleýşinde daşky gurşawyň durnuklylyk ýörelgelerini göz öňünde tutmaklyk geljekdäki maglumatlaryň ösüşine garşy has durnukly infrastrukturany döretmäge ýardam edip biler.

Mundan başga-da, maglumatlaryň mukdarynyň köpelmegi we durnuklylyk ugrundaky göreş maglumatlaryň gizlinligi hem-de howpsuzlyk meseleleriniň emele gelmegine getirýär. Maglumatlaryň mukdarynyň ýokarlanmagy howpsuzlyk töwekgelçiliginiň we maglumatlaryň syzmak mümkinçiliginiň ýokarlanmagyny aňladýar. Şonuň üçin hem tehnologiýa kompaniýalary diňe bir maglumatlaryň göwrümini dolandyrmak bilen çäklenmän, eýsem onuň howpsuzlygyny we gizlinligini üpjün etmek üçin çäreleri hem görmelidirler. Maglumatlary ygtybarly saklamak, güýçli şifrlemek usullaryny ulanmak we degişli howpsuzlyk çäreleri görmeklik maglumatlary ulanyjylary hem-de daşky gurşawy goramaga kömek edip biler. Şeýlelik bilen, maglumatlaryň mukdarynyň ýokarlanmagy bilen döreýän howpsuzlyk töwekgelçiliklerini durnukly çözüp bolar.

Maglumatlaryň mukdarynyň tiz ýokarlanmagy durnukly ösüş ýörelgelerine laýyklykda dolandyrylmalydyr. Tehnologiýa kompaniýalary bu kynçylygy energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak, gaýtadan dikeldilýän energiýa maýa goýmak we maglumatlary dolandyrmak proseslerini tertipleşdirmek ýaly strategiýalar arkaly çözüp bilerler. Şeýlelikde, olar maglumatlara barha artýan islegi kanagatlandyryp, daşky gurşawyň durnuklylygyna goşant goşup biler.

Nurmyrat Mommaýew,

Türkiýäniň Stambul şäherinde ýerleşýän Marmara uniwersitetiniň Syýasat ylymlary we halkara gatnaşyklar bölüminiň doktoranty

2022