Dünýäniň konteýner bazary ýokary görkezijilere ýetmegini dowam etdirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Dünýäniň konteýner bazary ýokary görkezijilere ýetmegini dowam etdirýär
Los Anjeles porty, ABŞ (Surat: ''New York Daily News'')

Deňiz ýollary arkaly konteýnerleri daşamakda nyrhlaryň peselendigine garamazdan, dünýäniň konteýner bazary ýokary görkezijilere eýe bolmagyny dowam etdirýär.

“CTS” neşiriniň awgust aýynda çap edilen maglumatlarynda dünýäniň konteýner bazaryna bolan islegiň pandemiýa döwründäki ýaly iň ýokary derejede saklanmagyny dowam etdirýändigi (geçen ýylyň ikinji ýarymyndaky we şu ýylyň ilkinji aýlaryndaky pese gaçmadan soň) görkezilýär.

Dünýäniň konteýner bazary şu ýylyň ýazynda durnuklaşdy we maý – iýul aýlaryndaky döwürde her aýdaky görkeziji 15 million konteýner birligine (TEU) deň boldy. “CTS” awgust aýynda bazaryň mukdarynyň 15,3 million TEU ýetendigini we geçen ýylyň degişli aýyndakydan 3,6 göterim, koronawirusdan öňki döwür bolan 2019-njy ýylyň 8-nji aýyndakydan hem 5,3 göterim ösendigini mälim edýär.

Şu ýylyň aýlyk görkezijisinde dünýä konteýner bazary Ýewropadan başga ähli ýerde durnukly ösmegini dowam etdirýär. Şu ýylyň martyndan bäri Ýewropanyň importynyň möçberiniň azalmagy dowam edýär we bu babatdaky görkeziji geçen ýylyň ikinji ýarymynyň iň pes görkezijisinden hem aşakdadyr. Şu ýylyň başyndan bäri, Ýewropa eksporty iň pes derejede saklanýar.

Aziýada görkezijileriň artmagy dowam edýär: importyň möçberi pandemiýa döwründäkiden pes, ýöne pandemiýadan öň, 2018 – 2019-njy ýyllaryň görkezijilerinden ýokarydyr; konteýner eksportynyň möçberi eýýäm 2 aýdan bäri yzly-yzyna 2021 – 2022-nji ýyllaryň iň ýokary görkezijilerinden geçýär.

ABŞ-nyň konteýner importynyň şu ýyldaky ösüş depgini 2018 – 2019-njy ýyllaryňky bilen deň möçberde bolan bolsa-da, pandemiýa döwründäki aýlyk görkezijlerden 100-150 müň TEU köpdür.

Şeýle hem, tomsuň ahyrynda adat bolşy ýaly, islegleriň pese düşýän möwsümi bolup geçmedi: Awgust aýynda Demirgazyk Amerikanyň deňiz portlaryna gelip düşýän konteýnerleriň möçberi 5,5 göterim artdy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022