Türkmen hususy kärhanalary daşary ýurtlaryň nebit kompaniýalaryna hyzmatlary berýärler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen hususy kärhanalary daşary ýurtlaryň nebit kompaniýalaryna hyzmatlary berýärler
"Nurly tolkun" kompaniýasy "Türkmenistanyň nebiti we gazy-2022" atly halkara sergide, 2022-nji ýylyň 25-27 oktýabry, Aşgabat, Türkmenistan

"At-abraý", "Nurly tolkun", "Açar" ýaly hususy türkmen kärhanalary, telekeçi Kirill Gorodnow "Dragon Oil", "Yug Neftegaz", "Petronas", "Gap Inşaat", "Schlumberger" we "DFXKНефтемаш" jogapkärçiligi çäkli hojalyk jemgyýeti" ýaly daşary ýurt kompaniýalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýärler. Bu barada Türkmen metbugaty habar berýär.

Kirill Gorodnow ýörite iş eşiklerini, respiratorlary, gorag äýnekleri we başgaplary, ellikleri, berk aýakgaplary we başga-da meýdan lybaslarynyň islendik görnüşi bilen üpjün edýän kärhana ýolbaşçylyk edýär. Onuň daşary ýurtlardan getirýän önümlerini "Dragon oil" we "Yug Neftegaz" ýaly nebit kompaniýalary uly isleg bildirýärler. Hususy telekeçi şeýle hem nebit guýularynyň turbalarynyň poslamazlygy üçin serişdeleri hem getirip berýär.

"At-abraý" hojalyk jemgyýeti özüniň 4 ýyl mundan ozal işe girizen "Turkmen line" brendi bilen Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklary üçin logistik hyzmatlary hödürleýär. Onuň ýükleri kabul edýän birnäçe nokatlary, Gruziýa, Türkiýe, Azerbaýjan we Germaniýa ýaly ýurtlarda hem şahamçalary hereket edýär. Türkmen logistik kärhanasynyň 300 sany ulag tehnikalaryndan ybarat giň awtoulag parky bar. Şolaryň 70-si sowadyjy, 160-sy çekiji we 70-den gowragy hem konteýner ýükleri daşamaga niýetlenendir. Deňiz ýakasyndaky Türkmenbaşy şäheriniň gämigurluşyk we abatlaýyş zawodynyň binýadynda gämilere tehniki hyzmatlary hödürlemek kompaniýanyň ýene-de bir iş ugry bolup durýar. Hojalyk jemgyýeti "Petronas", "Gap Inşaat" we "Schlumberger" kompaniýalaryna gerekli bolan ýükleri öz wagtynda eltip bermek hyzmatyny hödürleýär. 

"Nurly tolkun" hususy kärhanasy uglewodorod çig malynyň gazylyp alnyşynda deňiz hyzmatlaryny ýerine ýetirmäge ýöriteleşendir. Kärhananyň düzüminde deňiz düýbünde nebit we gaz guýularyna tehniki hyzmatlary, abatlaýyş işlerini ýerine ýetirýän we deňizasty aragatnaşyk ulgamlaryny barlaýan 10 sany işine ezber hünärmen zähmet çekýär. Hususy kärhana degişli 10 sany gämi arkaly "Dragon Oil" (Türkmenistan), "Petronas" we beýleki nebit kompaniýalaryň işgärleri we ýükleri deňiz içindäki nebit guýularyna daşalýar. 

"Açar" hususy kärhanasy nebit we gaz guýulary üçin gerekli bolan enjamlar bilen üpjün edýär. Ol "Türkmennebit" döwlet konserni we Hytaýyň "DFXKНефтемаш" jogapkärçiligi çäkli hojalyk jemgyýeti bilen iş alyp barýar. 

"DFXKНефтемаш" jogapkärçiligi çäkli hojalyk jemgyýetiniň Baş direktory Ýanýan Li kompaniýanyň 2004-nji ýylda esaslandyrylandygyny we onuň Merkezi Aziýada, Russiýada we Latyn Amerikada şahamçalarynyň bardygyny mälim etdi. Kompaniýanyň düzümine Týanszyn şäherindäki zawod we gazyp almak inženerçiligine, agyr senagata we ýangyç-energetika toplumyna degişli desgalary tehniki taýdan işe girizmek boýunça ýene-de 5 sany kärhana girýär. Kompaniýa guýularda abatlaýyş işleri geçirilende peýdalanylýan "XJ 550" we "XJ 650" kysymly, özi hereket edýän düzümleri getirip bermek hyzmatlaryny berýär . Bu kompaniýanyň sargytlar boýunça getiren düzümleri häzirki wagtda "Barsagelmez" we "Gamyşlyja" meýdançalarynda ulanylýar.

2022