Noýabryň birinji hepdesi: TDHÇMB-da dokma önümleri ýerlenildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Noýabryň birinji hepdesi: TDHÇMB-da dokma önümleri ýerlenildi
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky elektron terminaly, Aşgabat, Türkmenistan

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda (TDHÇMB) geçen hepdede geçirilen söwdalarynda dokma önümleri uly islege eýe boldy. Bu barada TDHÇMB-nyň metbugat gullugy duşenbe güni habar berdi.

Türkiýäniň, BAE-niň, Pakistanyň, Belarusyň, Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň işewür toparlary biz, aşgarlanmadyk mata, tekiz boýalan hem-de žakkard tüýjümek önümleri, nah ýüplügi, dokma galyndylaryndan dikeldilen süýümi we egirme önümçiliginiň galyndylaryny satyn aldylar.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmennebit” döwlet konserninde öndürilen uçar kerosinini satyn aldylar.

Habar berlişine görä, geçen hepdede TDHÇMB-da baglaşylan eksport geleşikleriniň jemi bahasy 3 million 214 müň ABŞ dollaryna barabar boldy.

Türkmenistanyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 18 million 326 müň manatdan gowrak bolan “Türkmennebit” döwlet konserniniň polipropilenini, el halylaryny, jins önümlerini, flanel matany we nah ýüplügi satyn aldylar.

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 36-sy hasaba alyndy.

2022