“Mahmal Zip” önümlerini “World Food India 2023” sergisinde görkezdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Mahmal Zip” önümlerini “World Food India 2023” sergisinde görkezdi
''Mahmal Zip'' hojalyk jemgyýetiniň "World Food India 2023" sergisindäki diwarlygy, 2023-nji ýylyň 3-5-nji noýabry, Nýu-Deli, Hindistan (Surat: ''Mahmal Zip" hojalyk jemgyýetiniň "Instagram" sahypasy)

“Mahmal Zip” hojalyk jemgyýeti 3 – 5-nji noýabrda Hindistanyň Nýu-Deli şäherinde geçirilen “World Food India 2023” atly sergide özüniň “Sinalco” haryt nyşanly alkogolsyz içgilerini görkezdi. Bu barada Hindistanyň Azyk senagaty ministrligi duşenbe güni habar berdi.

“World Food India” sergisine jemi 1208 eksponent, 14 sany ýurtlaryň pawilýonlary, 715 sany halkara we 218 sany hem ýurduň öz içerki söwdagärleri, şeýle hem 97 kompaniýanyň ýolbaşçysy gatnaşdy. Bu sergi 50 müň inedördül metr çäkdäki uly giňişlikde 7 sany sergi zalynda geçirilip, azyk senagaty pudagynda soňky gazanylanlary görkezmekde toplumlaýyn meýdança boldy.

2012-nji ýylda esaslandyrylan “Mahmal Zip” hojalyk jemgyýeti Ýewropa standartlaryna laýyk gelýän alkogolsyz içgileri öndürýär. 2014-nji ýyldan bäri, kompaniýa “Sinalco” german haryt nyşanynyň düzüm bölegi bolup, bu haryt nyşany, şol sanda “Sinalco ÝEKE TÄK” haryt görnüşleri bilen Türkmenistanda dürli içgileri öndürýär.

“Mahmal Zip” öz önümlerini 6 – 9-njy sentýabrda Stambulda geçen “WorldFood Istanbul 2023” atly 31-nji iýmit we içgi önümleriň sergisinde hem tanyşdyrdy.

2022