Aşgabatda GDA-nyň sebit aragatnaşygy we maglumat boýunça bilelikdäki mejlisi geçirildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabatda GDA-nyň sebit aragatnaşygy we maglumat boýunça bilelikdäki mejlisi geçirildi
ASA administrasiýalarynyň ýolbaşçylar geňeşiniň bilelikdäki 59-njy we GDA agza ýurtlaryň ASA-nyň ýanyndaky maglumat boýunça utgaşdyryjy geňeşiniň 29-njy mejlisi, 2023-nji ýylyň 8-nji noýabry, Aşgabat, Türkmenistan

Çarşenbe güni Aşgabat şäherindäki “Arçabil” myhmanhanasynda Aragatnaşyk boýunça sebit arkalaşygynyň (ASA) administrasiýalarynyň ýolbaşçylar geňeşiniň 59-njy bilelikdäki mejlisi we GDA agza ýurtlaryň ASA-nyň ýanyndaky maglumat boýunça utgaşdyryjy geňeşiniň 29-njy mejlisi geçirildi.

Mejlislere “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň başlygy Hajymyrat Hudaýgulyýew, Belarus Respublikasynyň aragatnaşyk we maglumat üpjünçilik ministri Konstantin Şulgan, Aragatnaşyk boýunça sebit arkalaşygynyň Baş direktory Nurudin Muhitdinow, Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Özbegistanyň aragatnaşyk edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar. Mejlisleriň işine şeýle hem “Viasat Inc”, “Huawei Technologies Co.” kompaniýalarynyň, Antimonopoliýa syýasaty boýunça döwletara geňeşiniň, GDA-nyň Döwletara statistika komitetiniň, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň, Halkara elektrik aragatnaşyk birleşiginiň we “Intersputnik” Halkara kosmos aragatnaşygy gurmasynyň wekilleri gatnaşdylar.

Bilelikdäki mejlisiň barşynda aragatnaşyk we maglumat üpjünçilik pudagyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de ASA-nyň çäklerinde degişli ugurda sebit we halkara gatnaşyklarynynyň häzirki ýagdaýyna we geljekki ösüş ugurlaryna, ASA gatnaşyjy döwletleriň sanly ösüşiniň geljekki ugurlary, Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek hem-de  şu ýylda geçiriljek Halkara elektroaragatnaşyk birleşiginiň (HEB) Radioaragatnaşyk assambleýasyna, HEB-iň Bütindünýä radioaragatnaşyk maslahatyna, şeýle hem onuň Iş toparlarynyň mejlislerine taýýarlygyň jemleýji tapgyrlaryna garaldy.

Mundan daşary, Bütindünýä poçta birleşiginiň (BPB) nobatdan daşary 4-nji kongresinde ASA-nyň administrasiýalarynyň işiniň meselelerine, BPB-niň çözgütlerini we poçta strategiýalaryny durmuşa geçirmek, maglumat jemgyýetini gurmakda we ösdürmekde GDA gatnaşyjy ýurtlaryň hyzmatdaşlygy, sanly öwrülişik meseleleri boýunça GDA agza ýurtlaryň pudak edaralarynyň aarasynda özara gatnaşyklary işjeňleşdirmek, şeýle hem ASA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Baş direktoryny saýlamak meselelerine seredildi.

ASA-nyň administrasiýalarynyň ýolbaşçylar geňeşi Sebit arkalaşygynyň iň ýokary düzüm bölegidir. Onuň mejlisi azyndan ýylda bir gezek geçirilýär. Onuň mejlislerinde işleriň esasy ugurlary boýunça çözgütler ylalaşylýar we kabul edilýär.

2022