Arkadag şäheriniň dolandyryş çägi 119 gektar artdyrylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Arkadag şäheriniň dolandyryş çägi 119 gektar artdyrylar
Arkadag şäheri, Türkmenistan

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa Ministrler Kabinetiniň anna güni geçirilen nobatdaky mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa “Arkadag şäheriniň dolandyryş çägine üýtgetmeler girizmek hakynda” Mejlisiň karary barada maglumat berdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň 102 gektar hem-de Aşgabat şäheriniň 17 gektar ýeri degişli kararyň goşundysyndaky çyzga laýyklykda, Arkadag şäheriniň dolandyryş çägine geçiriler.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligine Arkadag şäheriniň häkimligi bilen bilelikde Arkadag şäheriniň dolandyryş çäkleriniň ýazgysyny bellenen tertipde geçirmek tabşyryldy.

Degişli karar Arkadag şäherinde şäher hojalygyny mundan beýläk-de ösdürmek, guramaçylyk, dolandyryş babatda amatly şertleri döretmek maksady bilen, şeýle hem Arkadag şäheriniň häkimliginiň towakganamasyny göz öňünde tutulyp, “Türkmenistanyň dolandyryş-çäk bölünişiginiň meselelerini çözmegiň tertibi hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda kabul edildi.

Serdar Berdimuhamedow Mejlisiň Başlygynyň beren maglumatyny diňläp, ýurdumyzyň kanunçylygyny mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen birlikde, Arkadag şäheriniň dolandyryş çägini giňeltmek boýunça kabul edilen resminama laýyklykda, degişli işleri geçirmegiň zerurdygy bellenildi.

Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda şu ýylyň 10 aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine we birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garalyp, ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň gaýragoýulmasyz meseleleri maslahatlaşyldy.

2022