"Gurtly" ýaşaýyş toplumynyň düzümine 46 sany täze ýaşaýyş jaýlary goşular

BIZNES TÜRKMENISTAN
"Gurtly" ýaşaýyş toplumynyň düzümine 46 sany täze ýaşaýyş jaýlary goşular
''Gurtly" ýaşaýyş toplumynda täze ýaşaýyş jaýlarynyn açylyş dabarasy, 2022-nji ýylyň 28-nji dekabry, Aşgabat, Türkmenistan

Aşgabat şäheriniň “Gurtly” ýaşaýyş toplumynda 30 sany 4 gatly, her biri 40 öýli we 16 sany 4 gatly, her biri 68 öýli döwrebap ýaşaýyş jaýlary gurlar. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdkay mejlisiniň dowamynda gol çekdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, ýaşaýyş toplumynyň taslamasynyň çäklerinde, şeýle hem 720 orunlyk orta mekdebi, 320 orunlyk çagalar bagyny, seýilgäh, toplumyň içerki awtomobil ýollaryny hem-de daşarky eltiji we içerki agyz suw, lagym geçiriji ulgamlary gurmak göz öňünde tutulýar.

Resminama laýyklykda, Aşgabat şäheriniň häkimligi degişli taslamalary düzmek hem-de olary ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak boýunça ýerli gurluşyk kärhanalary bilen şertnamalary baglaşar.

Mundan daşary, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa “Arkadag şäheriniň dolandyryş çägine üýtgetmeler girizmek hakynda” Mejlisiň karary barada maglumat berdi.

Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda şu ýylyň 10 aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine we birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garalyp, ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm meseleleri maslahatlaşyldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022