Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygyna badalga berildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygyna badalga berildi
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şenbe güni Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Bu ýerde täze şäheriň ikinji tapgyryna dabaraly ýagdaýda badalga berildi.

Saparyň çäklerinde Gurbanguly Berdimuhamedow ýollary döwrebaplaşdyrmagyň we häzirki zaman köprülerini gurmagyň taslamalary, şeýle hem ýol-ulag düzümleriniň täze desgalarynyň ýerleşjek ýerleri bilen tanyşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedowa ýollary döwrebaplaşdyrmak we şäheriň çägini giňeltmek boýunça işler barada hasabatlar berlip, täze şäheriň çäklerini giňeltmegiň we onuň ýol-ulag düzümini döwrebaplaşdyrmagyň, şol sanda halkalaýyn, aýlaw we asma ýollarynyň, şaýollardyr pyýada ýollaryň taslamalary, Arkadag şäherinde goşulan ýer çäkleri tanyşdyryldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri taslamalar bilen tanyşlygyň barşynda olara birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Şunda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi, desgalaryň bellenen möhletlerde ulanmaga berilmeginiň wajypdygy, olarda milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribeleri utgaşdyrylmalydygy nygtaldy.

Şunuň bilen bir hatarda, Arkadag şäheriniň häkimi Şamuhammet Durdylyýew Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Buýrugyna laýyklykda, Arkadag şäherini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak, ýerli howa şertlerine laýyk gelýän, jemagat hyzmatlarynda peýdalanylýan ýöriteleşdirilen awtoulaglaryň öndürilişi, şeýle hem olaryň tehniki aýratynlyklary bilen tanyşmak üçin Türkmenistanyň wekiliýetiniň şu ýylyň 13-18-nji noýabry aralygynda Germaniýa Federatiw Respublikasyna gulluk iş saparyna iberilýändigi barada türkmen halkynyň Milli Liderine hasabt berdi.

Şeýle hem, Şamuhammet Durdylyýew özüniň hasabatynda Arkadag şäherine raýatlaryň müňlerçesiniň uly höwes bilen göçüp gelýändikleri, täze şäherde durmuş düzümine degişli toplumlaryň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, saglyk merkezleriniň, söwda we hyzmatlar ulgamynyň sazlaşykly işiniň ýola goýlandygy barada aýtdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri halkymyzyň ýaşaýjylar üçin ähli mümkinçilikleriň üpjün edilmelidigini, şol sanda bu ýerde tejribelik geçýän talyplaryň ýaşaýyş jaýy bilen üpjün edilmelididigini belledi.

Saparyň ahyrynda Gurbanguly Berdimuhamedow täze şäherde alnyp barylýan işleriň ähli babatda nusgalyk derejede bolmalydygyny nygtap, öňde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmekde hemmelere üstünlikleri arzuw etdi.

2022