Türkmen alymlary ýerli çig maldan duz kislotasyny öndürmegiň tehnologiýasyny taýýarladylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen alymlary ýerli çig maldan duz kislotasyny öndürmegiň tehnologiýasyny taýýarladylar
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň labarotoriýasynda gözleg-barlag işiniň alnyp barylýan pursady, Aşgabat, Türkmenistan.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň alymlary tehniki duz kislotasyny öndürmegiň usulyny işläp taýýarladylar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty şenbe güni habar berdi.

Habar berlişine görä, dürli maksatlar üçin ulanylýan bu önüm häzirki wagtda esasan daşary ýurtlardan getirilýär.

Institut ýerli çig maldan tehniki duzy almak üçin birnäçe barlaglary geçirdiler. Onuň synaglary bolsa "Garabogazkarbamid" zawodynda geçirildi. Munuň üçin Garabogazköl aýlagynyň bişofit çig maly ulanyldy. Netijede, 35-37,5 göterim konsentrasiýaly tehniki duz kislotasy alyndy.

Geljekde ýerli çig maldan tehniki duz kislotasynyň doly derejeli önümçiligine başlanmagy nebit, gaz, himiýa, metallurgiýa, derman, kagyz, boýag önümçiligi senagatynyň we beýleki önümçilik ugurlarynyň talaplaryny kanagatlandyrar. Täze ylmy açyş zerur himiýa önüminiň daşary ýurtlara eksport edilmegini ýola goýmaga hem şert döreder.

Tehniki duz kislotasy suwdaky hlorwodorod gazynyň garyndysyndan alnan himiki birleşmedir. Ol plastik önümleriň, dökünleriň, duzlaryň önümçiliginde, şeýle hem metallary arassalamak we gaýtadan işlemek ýaly ugurlarda giňden peýdalanylýar.

2022