''Toyota" täze "Camry 2025" ulagyny tanyşdyrdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
''Toyota" täze "Camry 2025" ulagyny tanyşdyrdy
Täze nesil "Toýota Camry 2024" ulagy

Täze "Toyota Camry 2024" nesliniň ilkinji ulagy Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda çarşenbe güni görkezildi. Täze görnüşli ulag gürrüňsiz gibrid hereketlendirijili düzümde sarp edijilere ýetiriler. Bu barada "Toyota" kompaniýasynyň metbugat gullugy habar berdi. 

Kompaniýa öňki tigirleri (168 kWt) ýa-da doly gibrid (173 kWt) hereketlendiriji gurluşda ulaglaryny hödürlär. Awtomobiliň satuwyna 2024-nji ýylyň ikinji ýarymyndan başlamak göz öňünde tutulýar. 

"Toyota" täze gibrid ulagyny häzirki bar bolan modele garanda, has ýeňil we ykjam elektrik hereketlendirijiler hem-de döwrebap batareý ulgamy bilen üpjün etjekdigini belledi. 

Bu ulagyň esasy görnüşleri 8,0 dýuýmlyk merkezi sensor ekran we 7,0 dýuýmlyk sürüjiniň sanly displeýi, ulagyň has ýokary amatlykly görnüşi bolsa - 12,3 dýuýmlyk uly ekran bilen enjamlaşdyrylar. 

Habar berlişine görä, täze "Camry" ulagynda sürüjä hereketi dolandyrmaga ýardam berýän işjeň düzümleriň doly toplumy, şeýle hem "JBL" ses ulgamy, salonyň deriden edilen bölekleri we daşarky hereketleri töwerekleýin görkezmäge ukyply kamera ýaly ozalkylardan tapawutlanýan aýratynlyklar bolar. 

Ýaponiýanyň "Toyota" kompaniýasy şu ýylyň awgust aýynda özüniň täze "Land Cruiser 250" (Prado) ulagyny hem tanyşdyrdy. Bu awtoulag benzin, dizel ýangyjynda şeýle hem gibrid görnüşde hem hereketlenýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022