Arkadag şäherinde oba hojalyk uniwersitetiniň täze şäherçesi gurlar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Arkadag şäherinde oba hojalyk uniwersitetiniň täze şäherçesi gurlar
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Arkadag şäherine bolan iş saparynda täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň taslamalary bilen tanyşýan pursady, 2023-nji ýylyň 16-njy noýabry, Arkadag şäheri, Türkmenistan.

Ýakyn gelejekde Arkadag şäherinde düzüminde ýokary okuw mekdebi we ylmy barlag institutlary bolan oba hojalyk şäherçesi kemala getiriler. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow penşenbe güni Arkadag şäherine bolan iş saparynyň çäklerinde mälim etdi diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär. 

Iş saparynyň barşynda Türkmenistanyň döwlet Baştutany Arkadag şäherinde Oba hojalyk uniwersitetiniň binalar toplumynyň taýýarlanylan taslamalary bilen tanyşdy. Şeýle hem bu uniwersitetiň çäginde teklip edilýän ylmy-önümçilik tejribe meýdançalarynyň, tejribe meýdanlarynyň, ýüpekçiligi we ösümlikleri gorap saklamak pudagynda iş alyp barmak, däneli, gök-bakja ekinleri, miweli baglary, üzümi, gowaçany we bugdaýy ösdürip ýetişdirmek üçin ýer bölekleri, ýyladyşhana toplumyny döretmek we olaryň çäkleri baradaky hasabatlary diňledi. 

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bu taslamalara gaýtadan seretmek we desgalary gurmak boýunça halkara bäsleşigini yglan etmek barada tabşyryklary berdi. 

Serdar Berdimuhamedow şeýle hem Oba hojalyk ministrliginiň Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynda bina ediljek Ylmy-barlag pagtaçylyk institutynyň, Arkadag şäherinde ylmy-barlag däneçilik we ekerançylyk institutlarynyň teklip edilýän baş meýilnamasy bilen tanyş boldy. 

Iş maslahatynyň ahyrynda Türkmenistanyň döwlet Baştutany öňde duran weizpeleri durmuşa geçirmekde hemmelere üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady. 

Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow pagtanyň we bugdaýyň döwlet tarapyndan satyn alyş nyrhyny ýokarlandyrmagyň wajypdygyna ünsi çekdi.

2022