Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) anna güni geçiren söwdalarynda jemi bahasy 24 million 95 müň ABŞ dollaryna deň bolan nebit-himiýa önümleri satyldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy habar berdi.
Maltanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) işewürleri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen az kükürtli ýakyş mazudyny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 19 million 562 müň 500 ABŞ dollaryna barabar boldy.
Şeýle-de Owganystandan we Türkiýeden gelen telekeçiler umumy bahasy 4 million 532 müň 500 ABŞ dollaryna deň bolan "B" kysymly karbamidi satyn aldylar. TDHÇMB-nyň söwdalarynda satylan bu önüm “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürildi.
BAE-niň işewüri 12 unsiýa jins matasyny satyn aldy. Geleşigiň umumy bahasy 148 müň 308,63 ABŞ dollaryna deň boldy.
Bulardan başga-da, türkmen telekeçileri içerki bazar üçin pagta çigidiniň tüýjümegini, çig ýag turşulygyny, boýalan agyr flanel matasyny, türkmen el halysyny, taýýar düşekçe toplumyny, nah mata satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 11 million 25 müň 389,16 manada barabar boldy.
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň anna güni geçiren söwdalarynda geleşikleriň 16-sy hasaba alyndy.