Türkmenistanda dürli ölçegli “NowaEco” ofis kagyzlary öndürilip başlandy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda dürli ölçegli “NowaEco” ofis kagyzlary öndürilip başlandy
“Toprak” hojalyk jemgyýeti “Agro-Pak Türkmenistan - 2023” halkara sergisindäki diwarlygy, 2023-nji ýylyň 30-njy noýabry, Aşgabat, Türkmenistan.

Türkmenistanda gofra kartonlaryny we önümleriň ähli görnüşleri üçin gaplamalary öndürýän “Toprak” hojalyk jemgyýeti ýakynda “NowaEco” haryt nyşany bilen A1, A2, A3, we A4 ölçegli ofis kagyzlarynyň önümçiligine başlady.

“Toprak” hojalyk jemgyýetiniň hünärmeniniň “Agro-Pak Türkmenistan - 2023” halkara sergisiniň dowamynda “Biznes Türkmenistan” internet neşirine gürrüň bermegine görä, kompaniýa Türkmenistanyň Dokma toplumynyň we oba hojalygynyň öndürýän önümleriniň galyndylaryny gaýtadan işläp, dürli ölçegli ofis kagyzlary we gofra kartonlary öndürýär.

Häzirki wagtda “NowaEco” haryt nyşany bilen öndürilýän ofis kagyzlary içerki bazaryň söwda nokatlaryna ugradylýar. Şeýle-de kompaniýa geljekde täze önümi goňşy döwletlere, ýagny, Özbegistana, Gazagystana, Owganystana, Eýrana hem-de Ýewropa döwletlerine eksport etmegi göz öňünde tutýar.

1999-njy ýyldan bäri gofra kartonyň bazarynda üstünlikli işläp gelýän kompaniýanyň önümleri ekologiýa taýdan arassa bolup, bu ýerde “NowaEco” haryt nyşanly A4 ofis kagyzynyň aýda 100 müň gaby öndürilýär.

“Toprak” hojalyk jemgyýetiniň hünärmeniniň aýtmagyna görä, kompaniýa importyň ornuny tutýan önümleri öndürmek, olaryň içerki bazardan artan möçberini eksport etmek, şeýle hem täze iş orunlaryny döretmek boýunça üstünlikleri gazanýar.

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde ýerleşýän ýurduň Söwda-senagat edarasynyň Sergi zalynda sişenbe güni “Agro-Pak Türkmenistan - 2023” ady bilen azyk, gaplama we oba hojalyk önümleriniň halkara sergisi öz işine başlady we bu sergi 30-njy noýabra çenli dowam eder.

2022