Türkmen telekeçisi täze “Mini” we “Derek” konditer önümlerini öndürip başlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen telekeçisi täze “Mini” we “Derek” konditer önümlerini öndürip başlady
Müşderi söwda nokadynda “Mini” we “ Derek” haryt nyşanly konditer önümlerine göz gezdirýär, Aşgabat, Türkmenistan.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) agzasy, telekeçi Meret Meredowyň ýolbaşçylyk edýän önümçilik kärhanasynda ýakynda “Mini” haryt nyşany bilen kornet nogly sepilen wafli saýawan şokolad önüminiň 2 görnüşi, şeýle hem “Derek” haryt nyşany bilen çemçe we dörtburç görnüşlere eýe bolan şokoladlar öndürilip başlandy.

TSTB-nyň metbugat gullugynyň duşenbe güni habar bermegine görä, telekeçi Meret Meredow täze önümler bilen birlikde, kärhanada “Derek” haryt nyşany bilen arahisli, kişmişli, nohutly, daş şekerli, şokoladly nogul süýjüleriniň önümçiliginiň hem alnyp barylýandygyny aýtdy.

Kärhanada ýylyň belli möwsümlerinde Türkmenistanda ösdürilip ýetişdirilýän garaly, üzüm, zirk, itburun, şetdaly ýaly tebigy önümlerden şerbetler taýýarlanylýar.

Şeýle hem telekeçi Meret Meredowyň ýolbaşçylyk edýän önümçilik kärhanasynda alma, erik, ülje, limon, beýi, pyrtykal ýaly miwedir ir-iýmişlerden tagamly mürepbeler öndürilýär.

2022