“Ak Depe Hyzmat” ýogurtlaryň täze görnüşiniň önümçiligini ýola goýdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Ak Depe Hyzmat” ýogurtlaryň täze görnüşiniň önümçiligini ýola goýdy
“Ak Depe Hyzmat” hojalyk jemgyýetinde alnyp barylýan önümçilikden bir pursat. (Surat: “Ak Depe Hyzmat” hojalyk jemgyýetiniň sosial ulgamy)

“Ak Depe Hyzmat” hojalyk jemgyýeti Täze ýyl baýramy mynasybetli ýogurtlaryň täze görnüşiniň önümçiligini ýola goýdy. Bu barada “Rysgal” gazeti duşenbe güni habar berdi.

Önümçiligi ýola goýulan ýogurtlaryň täze görnüşi şetdaly, ülje, ýertudana, banan we wanil tagamly bolup, olar 150 gram agramdaky gaplara gaplanýar.

Habarda bellenilişi ýaly, Aşgabat şäheriniň Gypjak ýaşaýyş toplumynda ýerleşýän hojalyk jemgyýetinde öndürilip başlanan täze görnüşli ýogurt mekdebe çenli çagalar üçin niýetlenýär.

Bu ýerde ýogurtlar bilen birlikde, “Iner” haryt nyşanly süýt we süýt önümleriniň ençeme görnüşi taýýarlanýar. Olaryň hatarynda 10%-li hem-de 15%-li 2 görnüşli gaýmagy, 3,2%-li pasterizirlenen süýdi, 0,5 hem-de 1 litrlik gaplara gaplanýan gatygy, klassyky uýadylan tagamly gatyk bolan rýaženkany, 1 görnüşli çig gaýmagy, 2 görnüşli biokefiri, dorogy, süzmäni, aýrany görkezmek bolar.

Şeýle hem “Ak Depe Hyzmat” hojalyk jemgyýeti mosarella peýniriniň önümçiligini Türkmenistanda ilkinji bolup ýola goýdy.

2022