Türkmenabadyň S.A. Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda 2023-nji ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda 94 million 147 müň manatlyk önüm öndürildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty penşenbe güni habar berdi.
Şu ýylyň başyndan bäri kärhanada Türkmenistanyň oba hojalygynyň ösüşleri üçin zerur bolan fosforly mineral dökünleriň 247 müň tonna golaýy öndürildi.
Şeýle hem kärhana oba hojalyk ulgamynda ekinleri zyýankeşlerden goramaklyga niýetlenen kükürtli himiki serişdeleri, lukmançylyk we tehniki kislorod öndürýär.
1960-njy ýylda gurlan Türkmenabadyň himiýa zawody häzirki wagtda Türkmenistanda iň uly himiýa önümçiliginiň biridir.
Häzirki döwürde zawodda himiki önümleriň dürli görnüşleri, ýagny ammoni superfosfaty, kükürt kislotasy, dökünlik meliorant, oksigumat, alýuminiý sulfaty (koagulýant), kislorod, polimer önümleri (polietilen turbalary, plýonkalar we başgalar) öndürilýär.