“Garabogaz” gümrük nokadynyň durkuny täzelemek işi ýanwar aýynda başlanar

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Garabogaz” gümrük nokadynyň durkuny täzelemek işi ýanwar aýynda başlanar
Türkmenistanyň Döwlet Gümrük gullugynyň edara binasy, Aşgabat, Türkmenistan.

Türkmenistanyň Gazagystan bilen araçäkleşýän serhedinde ýerleşýän “Garabogaz” gümrük nokadynyň durkuny täzelemek işi 2024-nji ýylyň ýanwar aýynda başlanar. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet Gümrük gullugy şenbe güni habar berdi.

“Garabogaz” gümrük nokadynyň durkuny täzelemek işi Türkmenistanyň Prezidentiniň 2023-nji ýylyň 29-njy dekabryndaky karary bilen başlanýar.

Habarda bellenilişi ýaly, şu karar bilen bu gümrük nokady üçin awtoulag serişdelerini barlaýan rentgen barlag enjamyny satyn almak we gurnamak meýilleşdirýär.

Gümrük nokadynyň durkuny täzelemek bilen bagly taslamanyň maksady gümrük nokadynyň çägini giňeltmäge, ony täzeden enjamlaşdyrmaga we geçirijilik ukybyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Gurluşyk işlerini 2024-nji ýylyň ahyryna çenli tamamlamak meýilleşdirilýär.

“Garabogaz” gümrük nokadynyň infrastrukturasynyň döwrebaplaşdyrylmagy bu ýerden geçirilýän ýükleriň gümrük taýdan resmileşdirmek işleri üçin wagty azaltmaga, şunuň bilen birlikde haryt akymlarynyň möçberini artdyrmaga, şeýle hem bu ýerde ornaşdyryljak enjam arkaly Türkmenistanyň çägine getirilýän harytlaryň hilini ýokary takyklyk bilen barlamaga ýardam eder diýip garaşylýar.

2022