Türkmen telekeçisi gaýnadylyp goýaldylan süýt önümleriniň aýda 10-15 tonnasyny öndürýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen telekeçisi gaýnadylyp goýaldylan süýt önümleriniň aýda 10-15 tonnasyny öndürýär
Müşderi “Mermer” haryt nyşanly gaýnadylyp goýaldylan süýt önümini gözden geçirýär, Aşgabat, Türkmenistan.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, telekeçi Sapa Amangeldiýewiň ýolbaşçylyk edýän süýt hem-de konditer önümleri kärhanasynda gaýnadylyp goýaldylan süýt önümleriniň her aýda 10-15 tonna aralygyndaky möçberi öndürilýär. Bu barada “Rysgal” gazeti duşenbe güni habar berdi.

Mary şäherinde ýerleşýän bu kärhanada süýt ugurly önümlerden, esasan, gaýnadylyp goýaldylan süýt önümleriniň dürli görnüşleri “Mermer” haryt nyşany bilen öndürilýär.

Habarda bellenilişi ýaly, telekeçi Sapa Amangeldiýewiň ýolbaşçylyk edýän süýt hem-de konditer önümleri kärhanasy ýaşlaryň 50-ä golaýyny özünde jemläp, bu ýerde waflileriň hem ençeme görnüşi taýýarlanylýar.

Bu konditer önüminiň her aýda 60 tonnasy öndürilip, kärhananyň hünärmenleri şeýle önümleriň hataryny ýakyn geljekde has-da giňeltmegi, önümçilik depginini ýokarlandyrmagy meýilleşdirýärler.

2022