“Owadan Bedew” “Elit” haryt nyşany bilen täze önümçilige başlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Owadan Bedew” “Elit” haryt nyşany bilen täze önümçilige başlady
“Elit” haryt nyşanly suwuk sabynlar gutudan çykarylýar.

“Owadan Bedew” hojalyk jemgyýeti ýakynda ýuwujy serişdeleriň täze önümçiligine başlady. Bu barada kärhananyň müdiri Guwanç Babaýew “Biznes Türkmenistan” internet neşirine gürrüň berdi.

“Owadan Bedew” hojalyk jemgyýetiniň Ahal welaýatynyň Ak Bugdaý etrabynyň Gäwers daýhan birleşiginde ýerleşýän önümçilik kärhanasynda suwuk egin-eşik ýuwujy serişdeler, iki görnüşli gap-gaç ýuwujy serişdeler, suwuk sabyn, awtoulaglar üçin niýetlenilen şampun, awtoulaglaryň tekerlerini garaldyjy serişdeler öndürilýär.

Häzirki wagtda suwuk sabyn, gap-gaç ýuwujy serişdeler, awtoulaglar üçin niýetlenilen şampun hem-de awtoulaglaryň tekerlerini garaldyjy serişdeler “Elit” haryt nyşany bilen müşderilere hödürlenilýär. Şeýle hem ýakynda suwuk egin-eşik ýuwujy serişdeler ýurduň bazarlaryna satuw çykarylyp başlanar.

Kärhananyň müdiri Guwanç Babaýew bu önümleri häzirki wagtda Gazagystana we Gyrgyz Respublikasyna eksport etmek boýunça işleriň alnyp barylýandygyny hem aýtdy.

Mundan başga-da, kärhananyň önümçilik kuwwaty aýda 300 tonna bolup, bu ýerde önümçilik üçin howpsyz, ýokary hilli çig mallar ulanylýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022