Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň häkimligine welaýatyň Ak bugdaý etrabynyň Bokurdak şäherçesinde 1200 orunlyk döwrebap umumybilim berýän mekdebiň we 120 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýynyň taslamasyny düzmek hem-de ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada “Baýly gurluşyk” hususy kärhanasy bilen şertnamany baglaşmaga ygtyýar berýän Karara gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty anna güni habar berdi.
Bu karar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurduň bilim ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek we maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmek, öňdebaryjy tehnologiýalara daýanýan bilim edaralaryny has-da kämilleşdirmek, şeýle hem dünýä ölçeglerine laýyk gelýän enjamlar bilen üpjün edilen döwrebap bilim edaralarynyň binalaryny gurmak işlerini dowam etdirmek maksady bilen kabul edildi.
Şeýle hem Ahal welaýatynyň häkimligine welaýatyň çäginde mekdebi we umumy ýaşaýyş jaýy gurmak barada “Baýly gurluşyk” hususy kärhanasy bilen şertnamany mekdep we umumy ýaşaýyş jaýy üçin daşky eltiji inženerçilik ulgamlaryny çekip bermek şertinde baglaşmaga ygtyýar berildi.
Gurluşyk işlerine 2024-nji ýylyň ýanwar aýynda başlamak hem-de umumybilim berýän mekdebi we umumy ýaşaýyş jaýyny 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.