Türkmenistan we Italiýa ýokary wezipeli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda çäreleri guramagy maslahatlaşdylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan we Italiýa ýokary wezipeli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda çäreleri guramagy maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň Italiýadaky Ilçisi Toýly Kömekowyň Italiýanyň daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk boýunça ministriniň orunbasary Edmondo Çirielli bilen duşuşygy, 2024-nji ýylyň 15-nji ýanwar, Rim, Italiýa. (Surat: Türkmenistanyň Italiýadaky ilçihanasy)

Türkmenistanyň Italiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Toýly Kömekow duşenbe güni Rimde Italiýanyň daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk boýunça ministriniň orunbasary Edmondo Çirielli bilen duşuşdy. Söhbetdeşlikde degişli bölümleriň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda dürli çäreleri geçirmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Italiýadaky ilçihanasynyň habar bermegine görä, taraplar halkara guramalarynyň çäginde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy güýçlendirmek, ylmy-medeni, söwda-ykdysady ugurlardaky gatnaşyklary çuňlaşdyrmak, şeýle hem hukuk binýady berkitmek boýunça geljekki ädimleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem türkmen ilçisi Toýly Kömekow we Italiýanyň daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk boýunça ministriniň orunbasary Edmondo Çirielli medeni çäreleri guramaga hem-de iki ýurduň daşary işler ministrlikleriniň arasynda geňeşmeleri geçirmäge aýratyn üns berdiler.

Duşuşygyň ahyrynda Toýly Kömekow we Edmondo Çirielliiki Türkmenistanyň we Italiýanyň halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

2022