“PentaCarbon” tehniki uglerod öndürýän türkmen kompaniýasyndan dowamly haryt satyn alar

BIZNES TÜRKMENISTAN
“PentaCarbon” tehniki uglerod öndürýän türkmen kompaniýasyndan dowamly haryt satyn alar
Mary welaýatynyň Mary etrabyndaky tehniki uglerod önümçilik zawody, Türkmenistan

Tehniki uglerod öndürýän türkmen kompaniýasy bolan “Eziz Dag” hojalyk jemgyýeti Germaniýanyň “PentaCarbon” kompaniýasyny aýratyn şertlerde haryt bilen üpjün eder. “PentaCarbon” kompaniýasy tehniki uglerodyň halkara distribýutorydyr. Bu babatda iki kompaniýa ýörite ylalaşyga gol çekişdi diýip, “Chemanalyst” onlýan platformasy penşenbe güni habar berdi.

“Eziz Dag” kompaniýasy 2022-nji ýylda Mary welaýatynda ýylda 3 müň tonna tehniki uglerod öndürmäge kuwwaty bolan kärhanany işe girizdi. Umumy meýdany 9,9 gektara barabar bolan kärhana häzirki zaman enjamlary we öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilendir.

“PentaCarbon” bilen “Eziz Dag” kompaniýalarynyň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlyk iki tarap üçin hem bähbitli bolup, ol halkara tehniki uglerod üpjünçiliginde goşmaça mümkinçilikleri hödürleýär diýip, “Chemanalyst” ýazýar. Neşiriň bellemegine görä, bu hyzmatdaşlyk tehniki uglerod bazarynda nemes distribýutory bilen türkmen öndürijisiniň tejribelerini birleşdirýär.

Iki kompaniýanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk Ýewropa bazarynyň durnuklylygyna we ygtybarlylygyna goşant goşup, bazardaky tehniki uglerodyň çeşmeleriniň diwersifikasiýasyny ýokarlandyrar diýip, “Chemanalyst” belleýär.

Uglewodorodlardan alynýan tehniki uglerod dürli önümçilikde ulanylýan esasy goşundylaryň biridir. Ol rezin-tehniki önümleriň ulanyş häsiýetini ýokarlandyrýar, şol önümler öndürilende güýçlendiriji doldurgyç hökmünde giňden peýdalanylýar, hususan-da, awtoulaglaryň tekerlerine berklik berýär.

2022