Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň we Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Polisiýa bölümleriniň polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň awtoulaglaryň tehniki ýagdaýyny anyklaýyş we hasaba alyş toparynyň edara binalarynyň açylyş dabarasy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty sişenbe güni habar berdi.
Açylyş dabaralara içeri işler edaralarynyň, şol sanda polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň we ýaşuly nesliň wekilleri hem-de beýleki myhmanlar gatnaşdylar.
Täze edara binalaryň açylyş dabaralarynda çykyşlar diňlendi, aýdym-sazly tanslara tomaşa edildi, şeýle hem il sylagly ýaşulular täze, döwrebap binalaryň gurluşyk işlerinde tapawutlanan işçi hünärmenlere Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gymmat bahaly sowgatlary gowşurdylar.
Şeýle hem dabara gatnaşyjylar Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň we Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Polisiýa bölümleriniň polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň awtoulaglaryň tehniki ýagdaýyny anyklaýyş we hasaba alyş toparynyň edara binalarynyň aýratynlyklary, olarda döredilen oňaýly şertler bilen tanyşdylar.
Mundan başga-da, duşenbe güni Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň harby bölüminiň harby gullukçylar üçin täze döwrebap binalary açylyp ulanylmaga berildi.