“Dik aý” şöhlat önümleriniň täze görnüşini öndürip başlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Dik aý” şöhlat önümleriniň täze görnüşini öndürip başlady
Türkmenistanyň söwda merkezlerinde satylýan şöhlat önümleri.

Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynyň çäginde ýerleşýän “Dik aý” hususy kärhanasy 2024-nji ýylyň ilkinji günlerinden başlap şöhlat önümleriniň täze görnüşini öndürip başlady.

"Türkmenistan" gazetiniň sişenbe güni habar bermegine görä, täze tehnologiýalar esasynda taýýarlanan “Älem” atly gaýnadylan şöhladyň ilkinji tapgyry söwda nokatlaryna ugradyldy.

“Dik aý” hususy kärhanasynda şöhlat önümleriniň 20-den gowrak görnüşi, şol sanda “Altyn şapak”, “Köýtendag”, “Gündogar”, “Gülzar”, “Hazar”, “Aşgabat” ýaly ýarym kakadylan, “Marguş” atly gaýnadylan şöhlatlar öndürilýär.

Hususy kärhananyň welaýat merkezindäki ýöriteleşdirilen dükanynda et önümleriniň her günde 250 kilograma golaýy satylýar. Bu söwda nokady arkaly süýt we süýt önümleri, gündelik isleg bildirilýän beýleki azyk önümleriniň hem birnäçe görnüşi ilata hödürlenýär.

2022