Eýran Inçeburundan Balkan welaýatyna çenli awtoulag ýolunyň gurluşygyna başlar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Eýran Inçeburundan Balkan welaýatyna çenli awtoulag ýolunyň gurluşygyna başlar
Eýranda ýollaryň gurluşygy. (Surat: Tehran Times)

Eýran Yslam Respublikasynyň Golestan welaýatynyň häkiminiň orunbasary Seýed Mohammad Dahnawy ýakyn iki aýyň dowamynda Inçeburundan Türkmenistanyň Balkan welaýatyna çenli uzaýan ýokary tizlikli awtoulag ýolunyň gurluşygynyň başlanjakdygyny habar berdi.

“IRNA” habarlar agentliginiň anna güni habar bermegine görä, Eýranyň döwlet Baştutanynyň Golestan welaýatyna amala aşyran saparyna bagyşlanan metbugat ýygnagynda Seýed Mohammad Dahnawy Eýrandan Türkmenistana we beýleki Aziýa ýurtlaryna eksportyň ýokarlanmagynyň bu taslamanyň durmuşa geçirilmeginiň esasy sebäpleriniň biridigini aýtdy.

Şeýle hem Eýranyň Golestan welaýatynyň häkiminiň orunbasary welaýatyň eksport mümkinçiligini işjeň ösdürýändigini aýdyp, daşary ýurt bazarlarynda ýerlenilýän eýran önümleriniň mukdarynyň 265 million ABŞ dollaryna barabar bolandygyny we geljekde bu görkezijini rekord derejä, ýagny, 300 million ABŞ dollaryna ýetirmek meýilleşdirilýändigini mälim etdi.

Seýed Mohammad Dahnawynyň aýtmagyna görä, Golestan welaýatynyň haryt importy 187 göterim ýokarlandy we Eýranyň bazarynda isleg bildirilýän hem-de daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň arasynda türkmen önümleri hem bar. Mundan başga-da, Seýed Mohammad Dahnawy soňky ýyllarda Aşgabat bilen Tähranyň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ýokarlanýandygyny nygtady.

Geçen ýylyň noýabr aýynda Türkmenistanyň Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi bilen Eýranyň Ýol we şäher gurluşyk ministrligi “Gumdag-Etrek-Eýran serhedi” awtomobil ýoluny gurmak barada Hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama gol çekdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022