“Garabogazkarbamid” zawody 1 million tonnadan gowrak karbamid dökünini taýýarlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Garabogazkarbamid” zawody 1 million tonnadan gowrak karbamid dökünini taýýarlady
“Garabogazkarbamid” zawody, Balkan welaýaty, Türkmenistan.

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Garabogaz şäherçesinde ýerleşýän karbamid zawodynda geçen ýyl 1 million 32 müň tonnadan gowrak karbamid döküni taýýarlanylyp, bitirilen işiň pul hasabyndaky möçberi 806 million manada barabar boldy.

Bu görkezijiniň pul hasabyndaky ösüş depgini 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende 122,4 göterim ýokarlanyp, 147 million manatlykdan gowrak boldy. Bu barada “Türkmenistan” gazeti penşenbe güni habar berdi.

Hasabat döwründe taýýarlanylan önümiň 828 müň tonnadan gowragy daşarky bazarlara ugradyldy.

Garabogazdaky karbamid zawodynyň himiýaçylary şu ýylyň ýanwar aýynda 94 müň tonna karbamid taýýarladylar we bu baradaky meýilnamany artygy bilen berjaý etdiler.

Şeýle hem şu ýylyň ýanwar aýynda bu ýerden daşarky bazarlara ugradylan karbamid döküniniň möçberi 99 müň 973 tonnadan geçdi.

“Garabogazkarbamid” iri senagat zawody 2018-nji ýylyň sentýabrynda Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherinde ulanylmaga berildi. Zawod Daniýanyň, Italiýanyň, Gollandiýanyň we ABŞ-niň döwrebap tehnikalary bilen enjamlaşdyrylandyr.

2022