Türkmen telekeçileri Beýik Britaniýada geçirilýän azyk önümleriniň halkara sergisine çagyrylýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen telekeçileri Beýik Britaniýada geçirilýän azyk önümleriniň halkara sergisine çagyrylýar
Beýik Britaniýanyň azyk önümleriniň we içgileriniň halkara sergisi (IFE 2023), 2023-nji ýylyň 20-22-nji marty, London, Beýik Britaniýa. (Surat: IFE)

Türkmen telekeçileri şu ýylyň 25-27-nji martynda Beýik Britaniýanyň London şäherinde geçiriljek Beýik Britaniýanyň azyk önümleriniň we içgileriniň halkara sergisine (IFE 2024) gatnaşmaga çagyrylýar.

IFE 2024 halkara sergä bölek satuw, jemgyýetçilik iýmiti, myhmanhana işewürligi, lomaý satuw, distribýuter, import we eksport ýaly dürli pudaklardaky 27 müňden gowrak satyn alyjy bilen iş alyp barmak isleýän 1500-den gowrak kompaniýanyň gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berdi.

IFE 2024 azyk önümlerini we içgileri öwrenmäge, kompaniýalara öz önümlerini Beýik Britaniýanyň alyjylaryna hödürlemäge we geljekki ösüş hem-de üstünlik üçin täze işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmaga mümkinçilik döretjek giňişleýin platforma bolup hyzmat edýär.

Beýik Britaniýanyň azyk önümleriniň we içgileriniň halkara sergisi (IFE) Beýik Britaniýada azyk önümler we içgiler boýunça geçirilýän sergileriň iň ulysy bolup, ol “Tesco”, “Waitrose”, “J. Sainsbury’s”, “Asda”, “Marks and Spencer”, “Avenance”, “Compass” we “Sodexh” ýaly esasy bölek satuw ulgamynyň wekillerini özüne çekýär.

Bu sergi azyk we içgi öndürijilere we üpjün edijilere öz önümlerini halkara tomaşaçylar, şol sanda bölek satyjylar, restoranlar, myhmanhanalar hem-de beýleki azyk hyzmat ediş kärhanalar bilen tanyşdyrmaga mümkinçilik döredýär.

IFE 2024 halkara sergide et, süýt, balyk önümleri, içgiler, çörek önümleri, konditer önümleri, gök önümler, miweler ýaly başgada dürli önümleriň görnüşeri sergilendiriler.

Kyrk ýyl mundan ozal esaslandyrylan IFE Beýik Britaniýanyň azyk önümler, içgiler, jemgyýetçilik iýmiti we myhmanhana işewürligi pudagy üçin iň abraýly çäredir.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022