Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Bütindünýä hökümet sammitiniň (WGS 2024) çäklerinde duşenbe güni Birleşen Arap Emirlikleriniň Senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar ministri, Abu-Dabiniň Milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) baş direktory Soltan Ahmed Al-Jaber bilen duşuşdy. Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistan bilen BAE-niň degişli döwlet edaralarynyň arasynda nebit senagatynda gatnaşyklary ösdürmegiň, şeýle hem bu pudakda BAE-iň ösen tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagynyň ähmiýeti nygtaldy.
Iki döwletiň Baştutanlarynyň derejesinde gazanylan ylalaşyklara esaslanyp, taraplar olary durmuşa geçirmegiň anyk ädimlerini maslahatlaşdylar we bu ugurda ýakyn geljek üçin edilmeli işleri beýan etdiler. Duşuşyga Abu-Dabiniň geljegiň energiýasy boýunça kompaniýasynyň (MASDAR) baş ýerine ýetiriji direktory Muhammet Jamil Al-Ramahi hem gatnaşdy.
Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow şol gün Dubaýyň elektrik we suw üpjünçilik Departamentiniň (DEWA) dolandyryjysy we ýerine ýetiriji direktory Saýed Al Taýer bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar suw hojalygy we elektrik energiýasy pudaklarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähmiýetli ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar we onuň geljekki mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini ulanmak boýunça hyzmatdaşlyk türkmen-emirlik gatnaşyklarynyň wajyp ugry hökmünde kesgitlenildi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygynda Birleşen Arap Emirliklerinde (BAE) gulluk iş saparynda bolýan türkmen wekiliýeti 2024-nji ýylyň 12-nji fewralynda geçirilen Bütindünýä hökümet sammitiniň (WGS 2024) mejlisleriniň işine gatnaşdy.