TDHÇMB-da eksport geleşikleri $18 milliona golaýlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
TDHÇMB-da eksport geleşikleri $18 milliona golaýlady
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilýän söwdalardan bir pursat

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda (TDHÇMB) duşenbe güni daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň jemi bahasy 17 million 835 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy habar berdi.

Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden gelen işewürler TPP D 382 BF we TPP D 30 S kysymly polipropileni satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 1 million ABŞ dollaryna barabar boldy.

Owganystanly telekeçi umumy bahasy 8 million 227 müň 500 ABŞ dollaryna deň bolan gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny, Özbegistanyň işewür toparynyň wekili bolsa jemi bahasy 8 million 607 müň 500 ABŞ dollaryna barabar bolan ТS-1 kysymly awiakerosini satyn aldylar.

Içerki bazar üçin ýerli telekeçiler TPP D 382 BF kysymly polipropileni, düz aýna satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy 1 million 645 müň manada deň boldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň jemi bahasy 28 million 619 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy.

2022