Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda (TDHÇMB) penşenbe güni daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň jemi bahasy 16 million 920 müň 470 ABŞ dollaryndan gowrak boldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy habar berdi.
Owganystandan, Birleşen Arap Emirliklerinden gelen işewürler birža söwdalarynda suwuklandyrylan gaz, SN-180 kysymly başlangyç ýag, ТS-1 kysymly awiakerosin satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy 16 million 287 müň 500 ABŞ dollaryna barabar boldy.
Şeýle hem Özbegistanly telekeçi jemi bahasy 300 müň ABŞ dollaryna deň bolan TPP D 382 BF kysymly polipropileni satyn aldy. TDHÇMB-da geçirilen söwdalarda satylan bu önüm “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürildi.
Mundan başga-da, Türkiýeli işewür arassalanan nah galyndylaryny satyn aldy. Geleşigiň umumy bahasy 332 müň 970 ABŞ dollaryna barabar boldy.
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň jemi bahasy 28 million 619 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy.