“Abadan haly” täze “Ýalkym” haly görnüşi bilen 8 ýyllygyny belleýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Abadan haly” täze “Ýalkym” haly görnüşi bilen 8 ýyllygyny belleýär
“Abadan haly” kärhanasynda alnyp barylýan önümçilikden bir pursat

Türkmenistanda haly önümlerini öndürmekde öňdebaryjy hökmünde tanalýan “Abadan haly” kärhanasy döredilmeginiň 8 ýyllygyny belleýär. Bu möhüm sene “Ýalkym” ady bilen täze görnüşli haly önümleriniň öndürilip başlanmagy bilen utgaşdyrylýar. Çitimi ozalkylardan selçeňräk bolan bu halylar ýokary hili saklamak arkaly alyjylara has elýeter bahadan hödürlenýär.

“Ýalkym” “Abadan halynyň” Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilýän polipropilenden (PP) taýýarlaýan giň görnüşli önümleriniň hataryna soňky goşulan görnüşdir. Žut, reňk beriji, sintetiki süýüm, ýelim ýaly goşmaça çig mal serişdeleri Türkiýäniň, Bangladeşiň we Ýewropanyň öňdebaryjy kompaniýalaryndan satyn alynýar.

Kärhanada polipropileni gaýtadan işlemek arkaly alnan ýüplükden nepislik bilen dokalýan haly görnüşleri aýratyn baha eýedir. Her aýda 300 müň inedördül metr önüm öndürijilik kuwwaty bolan “Abadan haly” müşderileriniň her dürli isleglerini kanagatlandyrmak üçin öndürýän halylarynyň bazara durnukly iberilişini üpjün edýär.

Häzirki wagtda kärhana dört görnüşli halylary hödürleýär. Olar “Nusaý”, “Kerwenli”, “Güneş” we ýakynda çykarylyp başlanan “Ýalkym” atly görnüşlerdir. Şolaryň içinde “Nusaý” has syk görnüşde dokalýandygy bilen tapawutlanýar. Bu “Abadan halynyň” halylary ähli nyrh derejelerinde ýokary hilli öndürmekde tagallalaryny görkezýär. Müňe golaý nagyşdan ybarat haly düşekleriniň giň toplumy “Abadan haly” kompaniýasyna islegleriň giň ugurlaryny we otag içiniň bezeg görnüşlerini kanagatlandyrmaga şert döredýär.

“Abadan haly” kärhanasynyň üstünlikleriniň belli bir bölegi Belgiýadan we Germaniýadan getirilen öňdebaryjy tehnologiýalaryň ulanylmagynyň hasabyna hasyl bolýar. Öňdebaryjy enjamlary we önümçilik tehnologiýalary ulanmak bilen kärhana öndürilen her bir halynyň ýokary hilli we takyklyk bilen çykarylmagyny üpjün edýär. Kärhananyň hili dolandyrmagyň halkara ölçeglerine ygrarlylygy bar bolan ISO güwänamalary bilen tassyklanyp, olar kärhananyň ýokary hilli halylar bilen üpjün etmekdäki tagallalaryny şöhlelendirýär.

Tejribeli 700-e golaý işgäri bolan “Abadan haly” kärhanasy iş üpjünçilik mümkinçiliklerini hödürlemek bilen ýerli ykdysadyýetde hem möhüm ähmiýetli orny eýeleýär. Kärhananyň haly dokamagyň däp bolan usullaryny saklamaga, olary häzirki zaman täzeçillikleri bilen utgaşdyrmaga üns bermegi oňa diňe bir miras galan we häzirki zaman estetiki ýörelgeler bilen sazlaşýan halylary öndürmek bilen çäklenmän, eýsem, Türkmenistanyň baý medeni mirasyny hem tanatmaga ýardam edýär.

Sekiz ýylyň içinde gazanan üstünliklerini dabaralandyrýan “Abadan haly” özüniň önümçilik çäklerini geljekde hem giňeltmek arkaly haly önümçiliginde öňdebaryjy kärhanalaryň biri hökmünde eýeleýän ornuny has-da pugtalandyrar. “Ýalkym” haly görnüşleriniň çykarylyp başlanmagy elýeterli bahadan ýokary hilli halylary hödürleýän kärhananyň müşderileriň biri-birinden tapawutlanýan isleglerini kanagatlandyrýandygyny görkezýär.

Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda ýerleşýän “Abadan haly” kärhanasy özüniň ajaýyp halylary bilen Türkmenistanyň ähli künjegindäki öýleri we edara binalary bezemegi dowam etdirýär. Özüniň gaýtalanmajak ussatlygyna, täzeçillige we müşderileriň isleglerini kanagatlandyrmaga bolan ygrarlylygyny saklamak bilen “Abadan haly” milli halyçylyk senagatynda öňdebaryjy ornuny saklap gelýär.

2022