Özbegistan ýekşenbe güni Türkmenistandan 21,6 million kilowat sagat elektrik energiýasyny import etdi. Bu barada ýurduň Energetika ministrliginiň wekiliniň aýdanyna salgylanyp, “Янги Ўзбекистон” elektron gazeti duşenbe güni habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, Özbegistanyň elektrik stansiýalarynda 18-nji fewralda 231,4 million kilowat sagat elektrik energiýasy öndürildi. Munuň üçin ýylylyk elektrik stansiýalarynda 40,3 million kub metr tebigy gaz, 26,3 müň tonna kömür we 10,7 müň tonna mazut ulanyldy.
“Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasy bilen Özbegistanyň milli elektrik torlary" paýdarlar jemgyýetiniň arasynda baglaşylan şertnama laýyklykda, Özbegistan 2019-njy ýylyň 1-nji dekabryndan başlap Türkmenistandan elektrik energiýasyny import edip başlady.
Şeýle hem Özbegistan Türkmenistandan tebigy gaz import edýär. Geçen ýylyň awgust aýynda “UzGasTrade” özbek kompaniýasy we “Türkmengaz” döwlet konserni ýylda 2 milliard kub metre çenli türkmen gazyny ibermek boýunça şertnama baglaşdy.
Häzirki wagtda Türkmenistan Eýrana, Owganystana, Özbegistana elektrik energiýasyny eksport edýär we Balkan welaýatynda gurulýan hem-de kuwwaty 1574 kW bolan täze elektrik bekedi Türkiýäni elektrik energiýasy bilen üpjün etmäge mümkinçilik berer.