“Türkmen kaoliniň” Jebeldäki önümhanasynda 600 tonna kaolin taýýarlanyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Türkmen kaoliniň” Jebeldäki önümhanasynda 600 tonna kaolin taýýarlanyldy
“Türkmen kaolin” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti

“Türkmen kaolin” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Jebel şäherçesindäki täze önümhanasynda şu ýylyň ýanwar aýynda 600 tonna barabar baýlaşdyrylan kaolin taýýarlanyldy. Bu barada “Türkmenistan” gazeti penşenbe güni habar berdi.

Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň “Balkan kän” müdirliginiň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy “Derýaplastik” hojalyk jemgyýeti bilen bilelikde döreden “Türkmen kaolin” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Jebel şäherçesinde ýerleşýän önümhanasynyň ýyllyk kuwwaty 20 müň tonna baýlaşdyrylan kaolini taýýarlamaga ukyplydyr.

“Türkmen kaolin” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň baş direktory Nepes Rozykulyýewiň aýtmagyna görä, baýlaşdyrylan kaolin keramika, sanfaýans we gap-gaç önümçiliklerinde çig mal hökmünde giňden ulanylýar we öndürilýän bu önüm içerki bazarlaryň sarp edijilerine ugradylýar.

“Geçen ýyl taýýarlan önümimiziň umumy möçberi 7 müň tonna golaýlady. Öndürýän önümimizi ýakyn geljekde daşarky bazarlara çykarmak ugrunda hem anyk işler alnyp barylýar” diýip, Nepes Rozykulyýew aýtdy.

Zerur bolan çig mal serişdesi Türkmenbaşy etrabynyň Gyzylgaýa obasynyň golaýyndaky känden gazylyp alynýar. Häzirki wagtda “Derýaplastik” hojalyk jemgyýetiniň “Derýakeramika” haryt nyşanly santehniki önümleri öndürýän kärhanasy öz alyp barýan işlerinde baýlaşdyrylan kaolini giňden ulanýar.

Baýlaşdyrylan kaolin ak sementi, farfor gap-gaçlary, elektrotehniki izolýatorlary öndürmekde, kagyz, karton, rezin, kosmetika we parfýumeriýa önümlerini, boýaglary, arassaçylyk serişdelerini taýýarlamakda hem giňden peýdalanylýar.

2022