Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda (TDHÇMB) geçen hepdede geçirilen söwdalarda nebit-himiýa, dokma we oba hojalyk önümleri satyldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy duşenbe güni habar berdi.
Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Gazagystanyň, Owganystanyň telekeçileri telekeçileri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polipropileni, binýatlyk ýagy satyn aldylar.
Mundan başga-da, daşary ýurt puluna BAE-niň, Türkiýäniň we Azerbaýjanyň işewürlerine nah ýüplük, buýan köki, dikeldilen süýüm we nah galyndylary ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy 16 million ABŞ dollaryndan geçdi.
Türkmenistanyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 33 million 596 müň manatdan gowrak bolan polipropileni (“Türkmennebit” döwlet konserni), tekiz boýalan hem-de žakkard tüýjümek önümleri, ýor gan-düşek daşlyklaryny, float aýnasyny, nah ýüplügi, el halylaryny satyn aldylar.
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 20-si hasaba alyndy.