Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda (TDHÇMB) duşenbe güni daşary ýurt puluna geçirilen söwdalarda Owganystanyň işewürleri 14 million 239 müň ABŞ dollaryna barabar bolan suwuklandyrylan gaz satyn aldylar.
Owganystanyň işewürleri daşary ýurt puluna satyn alan suwuklandyrylan gazy “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürildi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy habar berdi.
Şeýle hem Owganystandan gelen telekeçi jemi bahasy 300 müň ABŞ dollaryna deň bolan TPP D 382 BF kysymly polipropilen, Türkiýeli işewür bolsa umumy bahasy 60 müň ABŞ dollaryna barabar bolan TPP D 30 S kysymly polipropilen satyn aldylar.
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede geçirilen söwdalarda nebit-himiýa, dokma we oba hojalyk önümleri satyldy.