“Türkmengaz” we ADNOC gaz pudagynda hyzmatdaşlygyň ösüşini ara alyp maslahatlaşýarlar

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Türkmengaz” we ADNOC gaz pudagynda hyzmatdaşlygyň ösüşini ara alyp maslahatlaşýarlar
“Türkmengaz” döwlet konserniniň we Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) ýolbaşçylarynyň arasynda geçirilen duşuşyk, 2024-nji ýylyň 27-nji fewraly, Aşgabat, Türkmenistan. (Surat: BAE-niň Türkmenistandaky ilçihanasy)

“Türkmengaz” döwlet konserniniň we Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) ýolbaşçylary sişenbe güni Aşgabatda duşuşyk geçirdiler. Duşuşykda taraplar özara gatnaşyklary ösdürmek we gaz pudagynda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada BAE-niň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berdi.

Duşuşyga Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň pes uglerod çözgütleri we halkara ösüş boýunça ýerine ýetiriji direktory Musabbeh Al Kaabi, “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew, "Türkmengaz" döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew, “TAPI Pipeline Company Ltd” kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory Muhammetmyrat Amanow we BAE-niň Türkmenistandaky ilçisi Ahmed Al Hameli gatnaşdylar.

Şu ýylyň ýanwar aýynda “Türkmengaz” döwlet konserni bilen Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Bu özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň maksady taraplaryň “Galkynyş” gaz käniniň üçünji tapgyryny özleşdirmek üçin strategik hyzmatdaşlary çekmek meýlinden we olaryň tebigy gazy sebitiň ýurtlaryna we beýleki döwletlere ibermek üçin gaz geçiriji infrastrukturany gurmaga degişli energetika taslamalaryny durmuşa geçirmäge gatnaşmak mümkinçiliginden ybarat.

ADNOC – Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasy bolup, ol BAE-niň uglewodorod gorlarynyň 95 göterimine gözegçilik edýär we nebit gorlary boýunça dünýäde 6-njy, tebigy gaz gorlary boýunça 7-nji ýeri eýeleýär. Kompaniýa gözleg we önümçilik, nebiti gaýtadan işlemek we arassalamak, nebit önümleriniň marketingi we olary paýlamak bilen meşgullanýan birnäçe golçur kärhanasyny öz içine alýar.

2022