“Türkmennebit” döwlet konserniniň “Nebitgazburawlaýyş” trestiniň Nebitdag buraw işleri müdirliginiň burawlaýjylary ýakynda Balkan welaýatynda ýerleşýän Gündogar Goturdepe känindäki 1841-nji guýudan nebitiň täze senagat akymyny aldylar. Bu barada “Balkan” gazeti penşenbe güni habar berdi.
Burawlaýjylar topary nebitiň täze akymyny çuňlugy 1700 metr bolan guýynyň 1412-1418 metr çuňlugyndan almagy başardylar.
Nebitdag buraw işleri müdirliginiň burawlaýjylary şu ýylyň ilkinji nebit guýusyny tehniki-sazlaýyş işlerinden soň “Goturdepenebit” nebitgaz çykaryş müdirliginiň nebitçilerine ulanyşa berdiler.
Müdirligiň baş geology Ýazgylyç Kürrükowyň gürrüň bermegine görä, döwrebap buraw desgalary has çuň gatlaklarda ýerleşýän ýangyç çig malynyň baý gorlaryna aralaşmaga ýardam berýär.
“Türkmennebit” döwlet konserniniň “Nebitgazburawlaýyş” trestiniň Nebitdag buraw işleri müdirliginiň burawlaýjylary Balkan welaýatynda ýerleşýän Uzynada, Guýjyk, Altyguý, Nebitdag, Barsagelmez, Goturdepe ýaly nebitgazly meýdançalarda zähmet çekýärler.