Türkmen ilçisi we SUEZ-iň wekilleri suw süýjediji kärhanalaryň gurluşygyny maslahatlaşdylar

BUSINESS TÜRKMENISTAN
Türkmen ilçisi we SUEZ-iň wekilleri suw süýjediji kärhanalaryň gurluşygyny maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçisi Maksat Çaryýewiň SUEZ kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşygy, 2024-nji ýylyň 1-nji marty, Pariž, Fransiýa. (Surat: Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçihanasy)

Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçisi Maksat Çaryýew anna güni Parižde SUEZ kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirdi. Onuň barşynda taraplar suw süýjediji kärhanalaryň hem-de suw arassalaýjy desgalaryň gurluşygy boýunça taslamalary durmuşa geçirmekde bilelikde iş alyp barmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. 

Türkmenistanyň Fransiýadaky diplomatik wekilhanasynyň habar bermegine görä, duşuşyga kompaniýanyň Ýewropa, Kawkaz we Merkezi Aziýa döwletleri boýunça Baş direktory Pol Burdiýon hem-de halkara ösüş boýunça direktory Timoti Kargi gatnaşdylar. 

Söhbetdeşligiň barşynda taraplar suw paýlaýjy desgalaryň ösdürilmegine hem garadylar. 

SUEZ kompaniýasy Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna gyzyklanmalaryny beýan edip, goşmaça maslahatlaşmalar üçin degişli wekiliýetiň ýurda saparyny guramagy teklip etdi. 

Habarda bellenilişi ýaly, bu duşuşyk Türkmenistan bilen SUEZ kompaniýasynyň arasynda uzak möhletli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmakda ilkinji ädim bolup durýar. 

SUEZ durnukly ösüş ulgamynda iş alyp barýan, suw serişdelerini we galyndylaryny dolandyrmakda dünýäde öňdebaryjy fransuz jemagat hyzmatlary kompaniýasy bolup durýar. Kompaniýa ygtybarly we innowasion çözgütleri ulanmak arkaly müşderileriniň suw üpjünçiligine hem-de suw akabalaryna elýeterliligini üpjün edýär.

2022