Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň täze saýlanan Premýer-ministrini gutlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň täze saýlanan Premýer-ministrini gutlady
Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Mian Muhammad Şahbaz Şarif (Surat: Reuters)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Mian Muhammad Şahbaz Şarife Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri wezipesine saýlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.

“Siziň Pakistan Yslam Respublikasynyň Hökümetine ýolbaşçylyk etmegiňizde ýurduňyzyň syýasy, durmuş-ykdysady ulgamlarda ösjekdigine, halkara giňişlikde at-abraýyny has-da ýokarlandyrjakdygyna berk ynanýaryn. Biz dostlukly türkmen-pakistan gatnaşyklaryna ýokary baha bermek bilen, ony mundan beýläk-de ösdürmek babatda degişli işleri dowam etdireris” diýlip, Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň gutlag hatynda bellenilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Premýer-ministr Mian Muhammad Şahbaz Şarife tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Pakistan Yslam Respublikasynyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş, rowaçlyk arzuw etdi.

Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Mian Muhammad Şahbaz Şarife Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri wezipesine saýlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.

2022