Aşgabatda täze awtomobil köprüsiniň gurluşygy meýilleşdirilýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabatda täze awtomobil köprüsiniň gurluşygy meýilleşdirilýär
Ga­ra­gum der­ýa­syn­dan geç­ýän aw­to­mo­bil köp­rü­si, 2016-njy ýy­lyň 19-njy okt­ýab­ry, Türkmenistan.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk we senagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Baýmyrat Annamämmedow penşenbe güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Aşgabatda meýilleşdirilen täze awtomobil köprüsiniň gurluşygy barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, wise-premýer Aşgabat şäheriniň G.Kulyýew köçesi bilen “Täze zaman” ýaşaýyş toplumyna barýan awtomobil ýolunyň kesişýän ýerinde täze awtomobil köprüsini gurmak boýunça halkara bäsleşigiň geçirilendigini aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ýurtda halkara ölçeglere laýyk gelýän ýokary hilli awtomobil ýollaryny we köprüleri gurmak hem-de durkuny täzelemek işleriniň ýokary depginde alnyp barylýandygyny kanagatlanma bilen belledi.

Şeýle hem Türkmenistanyň döwlet Baştutany Aşgabat şäherinde täze awtomobil köprüleri gurlanda, döwrebap binagärlik-gurluşyk talaplaryndan ugur alynmalydygyny nygtap, wise-premýere bu babatda degişli tabşyryklary berdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine garaldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022