“Parahat-7” ýaşaýyş toplumynda 28 sany söwda we hyzmat öýleri gurlar

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Parahat-7” ýaşaýyş toplumynda 28 sany söwda we hyzmat öýleri gurlar
Bereketli bazarly söwda merkezi, “Parahat-7” ýaşaýyş toplumy, Aşgabat, Türkmenistan

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde ýerleşýän “Parahat-7” ýaşaýyş toplumynda 28 sany söwda we hyzmat öýleri gurlar.

Bu maksat bilen Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň serişdeleriniň hasabyna Aşgabat şäheriniň Parahat — 7” ýaşaýyş toplumynda söwda we hyzmat öýlerini gurmak boýunça bäsleşik yglan etdi. Bu bäsleşik “Türkmenistan” gazetinde şenbe güni çap edildi.

Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary, teklipleri Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde kabul edilýär hem-de resmileşdirilýär.

Bäsleşige gatnaşmak üçin isleg bildirýänleriň haýyşnamalary we teklipleri 2024-nji ýylyň 23-nji apreline çenli kabul edilýär.

2022